BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



       2018-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG)  UNICEF Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda “Çagalaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy üçin olaryň habarlylygyny artdyrmak, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek ” atly taslamasyny amala aşyrmak üçin şertnama baglaşyldy. Bu taslamanyň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki 27 –nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda hem degişli çäreleri geçirmeklik meýilleşdirilýär. 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Kanada döwletiniň Türkiýe Respublikasyndaky  ilçisi Kris Kuteriň Türkmenistana iş sapary döwründe UNICEF Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň şeýle hem, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň taslamanyň utgaşdyrjysy Guwanç Gadamowyň gatnaşmagynda bu mekdepde geçirilen dabaraly çärä gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda myhmanlar taslamanyň çäginde alyp baryljak işlere degişli bolan dürli mowzuklar boýunça çykyşlara syn etdiler. Mekdebiň erjel okuwçylary tarapyndan dürli aydym-sazly tanslary we dürli dillerde medeni-mirasymyzy wasp edýän goşgulary ýerine ýetirildi. Myhmanlar dürli synplarda geçirilen açyk sapaklara gatnaşyp, mekdep okuwçylary bilen sorag-jogap alyşyp, olaryň  derse bolan höwesini has hem artdyrdy.
 
 
 
 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
May 2018
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 1 2 3 4 5 6
7 8 9 10 11 12 13
14 15 16 17 18 19 20
21 22 23 24 25 26 27
28 29 30 31 1 2 3
1520933
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
2261
4253
94629
127288
1520933

Siziň IP: 54.224.108.85
2018-05-23

BİZ TÜRKMENİSTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MİLLİ

JEMGYÝETİNİŇ MEÝLETİNÇİLERİ

      Men Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçisi Muhammetnazar Rahmanow. Häzirki döwürde Aşgabat şäheri boýunça biz 155 sany ýaş meýletinçiler bolup, öz öwredilen ugurlarymyza laýyklykda, TGÝMJ-niň gündelik işine işjeň gatnaşýarys. Biziň alyp barýan işlerimiz, kömege mätäç bolan adamlara, eklenjini ýitiren maşgalalardaky çagalara ähli taraplaýyn hemaýat etmek. Mundan başga-da, Biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri 2017-nji ýylyň 17 sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýän “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” meýletinçi hökmünde gatnaşmaga mynasyp bolduk. Bu oýunlara meýletinçi hökmünde gatnaşmak bäsleşiginden geçmäge bize, TGÝMJ-de yzygiderli, gyzykly okuwlary geçendigimiz uly kömek etdi. Olaryň biri hem, “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri” boýunça okuwlar. Okuwlaryň dowamynda biz ejir çeken adamlara lukmana çenli kömegiň bermegiň usullaryny häzirki zaman okuw manekenlerinde tejribe okuwlaryň üsti bilen owrendik. TGÝMJ-de, biz meýletinçiler giň okuw tejribesini aldyk we gelejekki “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda” öz işlerimiz bilen mynasyp goşant goşjakdygymyzy ynandyrýarys.