BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



         2018-nji ýylyň aprel aýynyň 9-y 13-i aralygynda Aşgabat şäherinde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň Milli jemgyýetler üçin usulýet görkezmelerini we kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny seljermek boýunça Esasy iş toparynyň nobatdaky 4-nji maslahaty geçirildi. Bu toparyň düzümine Argentina, Burundi, Gaiti, Daniýa, Ispaniýa, Mongoliýa, Kuka adalary, Türkmenistan we  Uganda döwletleriniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri, şeýle-de Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň we Halkara Federasiýanyň Milli Jemgyýetleriniň Tertipnamalaýyn  resminamalary boýunça bilelikdäki toparyň agzalary bolan, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň  Halkara Federasiýasynyň (GHGÝHF) we Gyzyl Haç Halkara Komitetiniň (GHHK) wekilleri girýär.
       Esasy iş toparynyň maslahatynyň çagyrylmagynyň maksady, täzeden seredilen Milli jemgyýetleriň Tertipnamalaýyn resminamalarynyň gutarnykly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak. Bu resminamany GHGÝHF-nyň Ýolbaşçy Wekilliginiň 37-nji ýygnagynda tasyyklamak we ony 2019-njy ýylda Ýolbaşçy Wekilliginde kabul edilmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistana iş sapary döwründe bu topar, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasyna gelip gördüler we TGÝMJ-niň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. TGÝMJ-niň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyk döwründe myhmanlar TGÝMJ-niň ýurdumyzda alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.
       Soňra bu toparyň wekilleri TGÝMJ-niň resurslar merkezinde meýletinçileriň alyp barýan lukmandan deslapky ilkinji kömek okuwlaryna gatnaşdylar we meýletinçiler bilen sorag jogap alyşdylar.
Esasy iş toparynyň maslahatyna gatnaşyjylary türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Türkmen milli muzeýine gezelenç gurnaldy. Gezelenç döwründe myhmanlar meşhur türkmen halylary we olaryň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik gazandylar.
2018-nji ýylyň 9-njy aprelinde Esasy iş toparynyň maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy. Maslahat, TGÝMJ-niň Baş direktorynyň gutlag sözleri bilen açyldy.
       Esasy iş toparynyň maslahaty, Milli jemgyýetleriň işleriniň ýolbaşçy we dolandyryjy guramalaryna, meýletinçilerine, şol sanda onuň ýerine ýetirýän işlerine we olaryň Hereketiň esas goýujy ýörelgelerine laýyklygyna degişli wajyp soraglar işjeň ara alynyp maslahatlaşylmagy bilen tapawutlandy. Ara alynyp maslahatlaşmalaryň netijesinde resminamalara, dürli Milli jemgyýetleriň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň alyp barýan işiniň mysallaryny girizmek barada netijä gelindi.
       2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Gala” medeni dynç alyş merkezinde Esasy iş toparynyň maslahatyna gatnaşyjylar üçin TGÝMJ-ti tarapyndan agşamlyk nahary berildi. Naharyň dowamynda belli estrada aýdymçylarynyň çykyşlary gurnaldy.
Esasy iş toparynyň 4-nji mejlisiniň jemini jemläp, myhmanlar,  TGÝMJ-niň Baş direktoryna, işgärlerine we meýletinçilerine özleriniň türkmen ilinde mähirli garşylanandy we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Hereketiniň Milli jemgyýetler üçin usulýet görkezmelerini we kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny seljermek boýunça Esasy iş toparynyň nobatdaky 4-nji maslahatynyň netijeli we ýokary derejede geçmegine berlen goldawlary üçin öz minetdarlyklaryny bildirdiler.

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2018
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
2316390
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1630
4179
48400
103875
2316390

Siziň IP: 34.228.30.69
2018-12-14
 

     Men 2002-nji ýyldan bari Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminde zähmet çekip gelýärin. Geçen 16 ýylyň içinde men Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň alyp barýan asylly işine ýardam berip, kömek alýan adamlaryň Jemgyýete ýürekden bildirýän köp sanly minnetdarlyklarynyň şaýady boldum.
      Men Jemgyýetimiziň şu günde ýeten sepgitlerinе örän buýsanýan, ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti özüniň alyp barýan ynsanperwerlik işileri bilen tanymal gurama öwrüldi. Jemgyýete öz durmuş meseleleri bilen ýüz tutýan adamlar diňe bir maddy kömegini däl-de, eýsem işgärler tarapyndan  ruhy goldawy hem alýarlar. Mundan başga-da, Jemgyýetiň işgärleri ilatyň arasynda lukmandan deslapky ilkinji komegiň endiklerini öwretmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýaramaz endikleriň adam bedenine zyýany hakynda  maglumat beriş, bilim işini we öňüni alyş çärelerini özünde jemleýän giň möçberli işleri alyp barmak bilen, Jemgyýetiň döwlete kömekçi wezipesini mynasyp ýerine ýetirýändigini öz netijeleri bilen görkezýärler.

 

 

 

Oguljuma Saparmuhammedowa
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň Mary welaýat bölüminiň
Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölümçesiniň ussat tälimçisi