BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň “Birleşikleriň, mekdepleriň we institutlaryň adatdan daşary ýagdaýlara garşy durmaklyga ukyplygyny berkitmegiň üsti bilen betbagtçylyklaryň howpyny peseltmeklik (BHP) boýunça işleriň birleşdirmegi we berkitmegi (DIPECHO IX)” taslamasynyň çäginde 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 29-na Türkmenbaşy şäheriniň Awaza dynç alyş zolagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlyk müdirliginiň we UNICEF çagalar gaznasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Mary we Balkan welaýatlarynyň mekdeplerde döredilen meýletinçi toparlaryň arasynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek mowzuklary boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş iki tarap toparlarynyň işjeň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirildi. Ähli gatnaşyjylara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Dekabr 2017
Du Si Ca Pe An Se Ye
27 28 29 30 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 31
990774
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
638
2100
32048
52160
990774

Siziň IP: 107.20.115.174
2017-12-18

BİZ TÜRKMENİSTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MİLLİ

JEMGYÝETİNİŇ MEÝLETİNÇİLERİ

      Men Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçisi Muhammetnazar Rahmanow. Häzirki döwürde Aşgabat şäheri boýunça biz 155 sany ýaş meýletinçiler bolup, öz öwredilen ugurlarymyza laýyklykda, TGÝMJ-niň gündelik işine işjeň gatnaşýarys. Biziň alyp barýan işlerimiz, kömege mätäç bolan adamlara, eklenjini ýitiren maşgalalardaky çagalara ähli taraplaýyn hemaýat etmek. Mundan başga-da, Biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri 2017-nji ýylyň 17 sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýän “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” meýletinçi hökmünde gatnaşmaga mynasyp bolduk. Bu oýunlara meýletinçi hökmünde gatnaşmak bäsleşiginden geçmäge bize, TGÝMJ-de yzygiderli, gyzykly okuwlary geçendigimiz uly kömek etdi. Olaryň biri hem, “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri” boýunça okuwlar. Okuwlaryň dowamynda biz ejir çeken adamlara lukmana çenli kömegiň bermegiň usullaryny häzirki zaman okuw manekenlerinde tejribe okuwlaryň üsti bilen owrendik. TGÝMJ-de, biz meýletinçiler giň okuw tejribesini aldyk we gelejekki “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda” öz işlerimiz bilen mynasyp goşant goşjakdygymyzy ynandyrýarys.