BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti
“Inçekeseliň bejergisiniň ambulator modeliniň aýratynlyklary hakynda Saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň ýolbaşçylaryny we lukmanlaryny habarly etmek” möwzugy boýunça maglumat serişdelerini taýýarlajak maslahatçynyň enjamlaýyn tabşyrygy.

     Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti keselleriň, şol sanda inçekeseliň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralaryna degişlilikde kömekçi wezipesini ýerine ýetirýär.
Maksady:
     TGÝMJ-niň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň iş meýilnamasyna laýyklykda inçekeseliň bejergisiniň ambulator modeliniň aýratynlyklary hakynda Saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň ýolbaşçylaryny we lukmanlaryny habarly etmek boýunça lukmanlara we näsaglara maglumat serişdeleini paýlamaklyk meýilleşdirilýär. Bu bu çärelerde gerek bolan maglumat serişdelerini (bukletler we broşuralar) taýýarlamaly.

Garaşylýan netijeler:
• Inçekeseliň bejergisiniň ambulator modeliniň aýratynlyklary hakynda lukmanlar üçin maglumat serişdelerini (bukletleri we broşuralary) taýýarlamaly. Her maglumat serişdesi taýýar dizaýnly we reňkli çap edilen bolmaly;
• Inçekeseliň bejergisi boýunça näsaglar üçin maglumat (bukletleri we broşuralary) serişdelerini taýýarlamaly. Her maglumat serişdesi taýýar dizaýnly we reňkli çap edilen bolmaly.

Işleriň geçirilmeli wagty we maglumatlara bolan talaplar

Maglumat serişdelerini 2-hepdäniň dowamynda taýýarlamaly;

Maglumatlar türkmen we rus dillerinde tabşyrylmaly.

Iş döwründe we iş üçin taýýarlanan ähli resminamalar we beýlekiler TGÝMJ-niň emläginde galýar. Işiň netijelerini maslahatçy TGÝMJ-niň hat üsti bilen razyçylygynyň esasynda ulanylyp biler.


Işleri geçirmek boýunça maslahatça bolan talaplar
• Teklipleri şahsy maslahatçylar, maslahatçy toparlar we edaralar berip bilerler;
• Beýleki taslamalarda maslahatçy hökmünde iş tejribesi bolmaly;
• Türkmen we rus dillerinde maglumat ýazmakda ýeterlik tejribesi bolmaly.

Teklipleriň berlişine bolan talaplar

Işleri geçirmäge isleg bildirenler indiki resminamalary tabşyrmaly.
1. Dalaşgärler degişli işleri geçirmekde tejribesi hakynda takyk maglumatly rezýume tabşyrmaly,
2. Her maglumat serişdesi boýunça cykdaýjylaryň býujeti.

Resminamalar indiki salgylar boýunça tabşyrylyp bilner:
Adres: Aşgabat şäheri, 2022 köç., 116/1.
Tel: +993 12 93 25 12

Barlagy geçirmäge isleg bildirenler resminamalaryny 2017-nji ýylyň iýul aýynyň 31-ne 12.00 çenli tabşyrmaly

 

 

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Iyul 2017
Du Si Ca Pe An Se Ye
26 27 28 29 30 1 2
3 4 5 6 7 8 9
10 11 12 13 14 15 16
17 18 19 20 21 22 23
24 25 26 27 28 29 30
31 1 2 3 4 5 6
750607
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1357
1535
36025
47680
750607

Siziň IP: 54.80.158.127
2017-07-23