BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti
“Inçekeseliň bejergisiniň ambulator modeliniň aýratynlyklary hakynda Saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň ýolbaşçylaryny we lukmanlaryny habarly etmek” möwzugy boýunça geçiriljek çäreleriň maglumatlaryny taýýarlajak maslahatçynyň enjamlaýyn tabşyrygy.

      Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti keselleriň, şol sanda inçekeseliň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralaryna degişlilikde kömekçi wezipesini ýerine ýetirýär.
Maksady:
      TGÝMJ-niň saglygy goraýyş we durmuş üpjünçilik bölüminiň iş meýilnamasyna laýyklykda inçekeseliň bejergisiniň ambulator modeliniň aýratynlyklary hakynda Saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň ýolbaşçylaryny we lukmanlaryny habarly etmek boýunça tegelek stollary geçirmeklik, näsaglar bilen sorag-jogap alyşmaklyk meýilleşdirilýär. Bu bu çärelerde gerek bolan maglumat serişdelerini taýýarlamaly.

Garaşylýan netijeler:
• Tegelek stolaryň maglumatlaryny taýýarlamaly (prezentasiýa, paýlamak üçin edebiýatlardan göçürilen mowzuklar, bejeriş shemalary we ş.m.);
• Nasaglar üçin sorag-jogap jetwelini taýýarlamaly.

Geçirilmeli wagty we maglumatlara bolan talaplar

Tegelek stollaryň maglumatlaryny taýýarlamak boýunça işler 1 –hepdäniň dowamynda we näsaglar üçin sorag-jogap jetwelini -1 hepdäniň dowamynda taýýarlamaly.

Maglumatlary türkmen, rus we rus dillerinde tabşyrylmaly.

Iş döwründe we iş üçin taýýarlanan ähli resminamalar, diagrammalar we beýlekiler TGÝMJ-niň emläginde galýar. Işiň netijelerini maslahatçy TGÝMJ-niň hat üsti bilen razyçylygynyň esasynda ulanylyp biler.

 
Işleri geçirmek boýunça maslahatça bolan talaplar
• Teklipleri şahsy maslahatçylar, maslahatçy toparlar we edaralar berip bilerler,
• Beýleki taslamalarda maslahatçy hökmünde iş tejribesi bolmaly;
• Türkmen we rus dillerinde maglumat ýazmakda ýeterlik tejribesi bolmaly.

Teklipleriň berlişine bolan talaplar

Işleri geçirmäge isleg bildirenler indiki resminamalary tabşyrmaly.
1. Dalaşgärler degişli işleri geçirmekde tejribesi hakynda takyk maglumatly rezýume tabşyrmaly,
2. Her iş boýunça cykdaýjylaryň býujeti bolmaly.
Resminamalar indiki salgylar boýunça tabşyrylyp bilner:
Adres: Aşgabat şäheri, 2022 köç., 116/1.
Tel: 93 25 12

Işleri geçirmäge isleg bildirenler resminamalaryny 2017-nji ýylyň iýul aýynyň aýynyň 31-ne 12.00 çenli tabşyrmaly

 

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Sentyabr 2017
Du Si Ca Pe An Se Ye
28 29 30 31 1 2 3
4 5 6 7 8 9 10
11 12 13 14 15 16 17
18 19 20 21 22 23 24
25 26 27 28 29 30 1
850009
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1626
1638
40117
47137
850009

Siziň IP: 54.225.54.120
2017-09-26

BİZ TÜRKMENİSTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MİLLİ

JEMGYÝETİNİŇ MEÝLETİNÇİLERİ

      Men Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçisi Muhammetnazar Rahmanow. Häzirki döwürde Aşgabat şäheri boýunça biz 155 sany ýaş meýletinçiler bolup, öz öwredilen ugurlarymyza laýyklykda, TGÝMJ-niň gündelik işine işjeň gatnaşýarys. Biziň alyp barýan işlerimiz, kömege mätäç bolan adamlara, eklenjini ýitiren maşgalalardaky çagalara ähli taraplaýyn hemaýat etmek. Mundan başga-da, Biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri 2017-nji ýylyň 17 sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýän “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” meýletinçi hökmünde gatnaşmaga mynasyp bolduk. Bu oýunlara meýletinçi hökmünde gatnaşmak bäsleşiginden geçmäge bize, TGÝMJ-de yzygiderli, gyzykly okuwlary geçendigimiz uly kömek etdi. Olaryň biri hem, “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri” boýunça okuwlar. Okuwlaryň dowamynda biz ejir çeken adamlara lukmana çenli kömegiň bermegiň usullaryny häzirki zaman okuw manekenlerinde tejribe okuwlaryň üsti bilen owrendik. TGÝMJ-de, biz meýletinçiler giň okuw tejribesini aldyk we gelejekki “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda” öz işlerimiz bilen mynasyp goşant goşjakdygymyzy ynandyrýarys.