BAŞ SAHYPA
  •  

     

     

     TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

    “Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýyldan bäri Halkara

    Gyzyl  Haç  we  Gyzyl  Ýarymaý Hereketiniň  ynsanperwerlik,  bitaraplyk  garaşsyzlyk

    meýletinlik ýaly düýpli ýörelgelerine laýyklykda hereket edip, gündelik durmuşynda

    we adatdan daşary ýagdaýlarda Türkmenistanyň ilatyna ynsanperwerlik kömegini

    bermek boýunça döwletimiziň ygtybarly kömekçisi bolup gelýär”

     



     



             Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik ösüşleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada döwletli işler alnyp barylýar.
             Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletinimiziň raýatlarynyň bedeniniň berk, ömür dowamatynyň uzak bolmagy, saglygyny berkitmekleri  barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iň häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, keseli anyklaýyş, ”Ene mähri”merkezleri, dynç alyş öýleri, bagy-bossanly, dürli suw çüwdürimli seýilgähler guruldy. Olar bagtyýar çagalaryň sagdyn ösmegine, kemala gelmegine, saglyklaryny gorap saklamaga, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikler döredýär.
             Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda bedenterbiýe we sport dolulygyna kämilleşdirildi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Gyşky oýunlar sport toplumy, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça merkez, Olimpiýa sport toplumy guruldy we ulanmaga berildi. Aşgabat sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit derejesinde abraýly ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülýär. Gözel paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi ýurdumyza belent mertebe getiren waka bolup, eziz diýarymyzyň sporty sagdynlygyň gözbaşy, halkara hyzmatdaşlygyň we dostlugyň ilçisi hasaplaýandygyny tassyklaýar.
             Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň aýdyň miwesi bolup durýan V Aziýa oýunlaryny geçirmekde Türkmenıstanyň Gyzyl Yarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Aşgabat şӓherınıň we welaýat bölümlerinde meýletinçileri taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Merkez meýletinçileri  başarnyklary boýunça, ýerine ýetiriji komitetiň çärelerine we synag ýaryşlaryna gatnaşanlarynda alnan jemleýji bahalaryna laýyklykda saýlap-seçip alýar.  Jemleýji bahalaryň netijelerine görä, merkez işgärleri meýletinçileri derejelendirmäniň netijesinde, Merkez tarapyndan maslahat berilýän oýunlara gatnaşyp biljek meýletinçileriň sanawy düzülýär.Bu sanaw ýerine ýetiriji komitete tassyklanmak üçin ugradylýar.
             Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň  saglygy barada çuňňur aladalanýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek ,sagdyn nesilleri kemala getirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň: ”Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de olimpiýa hereketini  höweslendirmekden we ösdürmekden, oňa ýaşlary işjeň çekmekden, türkmenistanlylarda çagalykdan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi döretmekden, zähmet endiklerini kemala getirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasyny düzýän gymmatlyklary ykrar etmekden ybaratdyr” diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdynlygy wagyz etmek, ony jemgyýetimize ornaşdyrmak, raýatlarymyzy bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta çekmäge, ösüp gelýän ýaş nesli sporta we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek işleri giň gerim alýar.
            Goý, halkymyzy aýdyň, eşretli geljege alyp barýan mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun.
            Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň psihology Bahar Baýramowa.

           

ESASGOÝUJY ÝÖRELGELERI

– Ynsanperwerlik

Hereket adamyň durmuşyny we saglygyny goramalydyr, adam mertebesiniň hormatlanmagyny
üpjün etmelidir. Ol halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy, hyzmatdaşlygy we
parahatçylygy ýola goýmaga ýardam edýär.

– Tarap çalmazlyk

Adamlaryň milleti, dini alamatlary, haýsy jynsa degişlidigi we syýasy garaýyşlary boýunça hiç hili
kemsidilmegine ýol berilmeýär. Ol adamlaryň ejir çekmegini ýeňilleşdirmäge, ilkinji nobatda, olara
gaýragoýulmasyz kömegiň berilmegine çalyşýar.

– Bitaraplyk

Hereket ählumumy ynanyşmagy saklamak üçin dawa-jenjellerde hiç bir tarapyň bähbidini almaýar,
ol hiç haçan syýasy, dini ýa-da aňyýet häsiýetli jedellere gatnaşmaýar.

– Garaşsyzlyk

Hereket garaşsyzdyr. Milli jemgyýetler ynsanperwerlik babatynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň
kömekçileri we öz ýurtlarynyň kanunlaryna tabyn bolmak bilen, Hereketiň ýörelgelerine laýyklykda
hereket edip bilmek üçin mydam özbaşdaklygy saklamalydyr.

– Meýletinlik

Ynsanperwerlik kömegi meýletinlik esasda berilýär. Here¬ket hiç jähtden peýda görmeklige
düýbünden çalyşmaýar.

– Ýeke-täklik

Ýurtda Gyzyl Hajyň ýa-da Gyzyl Ýarymaýyň diňe bir milli jemgyýeti bolup biler. Ol hemmeler üçin
açyk bolmalydyr we ýurduň ähli çäginde öz ynsanperwerlik kömegini amala aşyrmalydyr.

– Köptaraplylyk

Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketi bütindünýä hereketidir. Hereketiň çäklerinde ähli milli
jemgyýetleriň deň derejesi bardyr we birek-birege kömek bermekde deň jogapkärçiligi çekýärler we
olaryň deň borçnamalary bardyr.
Noyabr 2017
Du Si Ca Pe An Se Ye
30 31 1 2 3 4 5
6 7 8 9 10 11 12
13 14 15 16 17 18 19
20 21 22 23 24 25 26
27 28 29 30 1 2 3
939681
Şu gün
Düýn
Şu aý
Geçen aý
Hemme günler
1098
1566
33115
50030
939681

Siziň IP: 54.224.187.45
2017-11-19

BİZ TÜRKMENİSTANYŇ GYZYL ÝARYMAÝ MİLLİ

JEMGYÝETİNİŇ MEÝLETİNÇİLERİ

      Men Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçisi Muhammetnazar Rahmanow. Häzirki döwürde Aşgabat şäheri boýunça biz 155 sany ýaş meýletinçiler bolup, öz öwredilen ugurlarymyza laýyklykda, TGÝMJ-niň gündelik işine işjeň gatnaşýarys. Biziň alyp barýan işlerimiz, kömege mätäç bolan adamlara, eklenjini ýitiren maşgalalardaky çagalara ähli taraplaýyn hemaýat etmek. Mundan başga-da, Biz Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň meýletinçileri 2017-nji ýylyň 17 sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýän “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” meýletinçi hökmünde gatnaşmaga mynasyp bolduk. Bu oýunlara meýletinçi hökmünde gatnaşmak bäsleşiginden geçmäge bize, TGÝMJ-de yzygiderli, gyzykly okuwlary geçendigimiz uly kömek etdi. Olaryň biri hem, “Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň endikleri” boýunça okuwlar. Okuwlaryň dowamynda biz ejir çeken adamlara lukmana çenli kömegiň bermegiň usullaryny häzirki zaman okuw manekenlerinde tejribe okuwlaryň üsti bilen owrendik. TGÝMJ-de, biz meýletinçiler giň okuw tejribesini aldyk we gelejekki “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda” öz işlerimiz bilen mynasyp goşant goşjakdygymyzy ynandyrýarys.